Liwiýadaky çaknyşyklarda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Liwiýanyň paýtagty Tripolide Milli Ylalaşyk hökümetine degişli harby toparlaryň arasynda eýýäm 8 hün bäri dowam edýän çaknyşyklarda 41 adam ýogaldy, 128 adam ýaralandy

Liwiýadaky çaknyşyklarda ýogalýan adamlaryň sany artýar

Milli Ylalaşyk hökümetiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň degişli bölümlerinden berilen ýazmaça beýanatda çaknyşyklar sebäpli 41 adamyň ýogalandygy, 128 adamyň ýaralanandygy we 8 adamyň dereksiz ýitendigi habar berildi. 

Tripolide eýýäm bir hepde bäri Milli Ylalaşyk hökümetine degişli harby toparlar arasynda çaknyşyklar dowam edýär. 

Milli Ylalaşyk hökümeti şäherdäki çaknyşyklar sebäpli şu gün ýurdyň paýtagtynda we golaýynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. 

 


Etiketkalar: Tripoli , Liwiýa

Degişli Habarlar