NATO Russiýa çagyryş etdi

Demirgazyk Alýansy NATO rus deňiz flotunyň Gündogar Ortaýer deňzindäki güýçlerini Siriýada onsuz hem agyr bolan gumanitar şertleriň has-da agyrlaşmagyna sebäp bolmakdan çetde durmaga çagyrdy

1039754
NATO Russiýa çagyryş etdi

NATO-nyň metbugat sekretary Oana Kungesku “Anadoly” habarlar gullugyna beren beýanatynda rus deňiz flotunyň döwrebap raketalar bilen üpjün edilen gämileri bilen birlikde deňiz güýçlerini Ortaýer deňzine ugradandygyny nygtady.

Köp sanly NATO agza döwletiň Ortaýer deňzine kenardaşdygyny we deňiz flotlarynyň yzgiderli häsýetde iş alyp barýandygyny nygtan Lungesku; “Şeýlelikde biz hem Ortaýer deňzinde Russiýa bilen bilelikde deňiz flotlarynyň işleri bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Rus flotunyň niýeti barada çaklama berip bilmeris, emma sebitdäki ähli ýurtlar Siriýada onsuz hem agyr bolan gumanitar şerti has-da agyrlaşdyrmakdan çetde durmaklary möhüm” diýdi.

Lungesku; “Siriýada NATO ýok, emma BMGT-niň çaknyşyklara durnukly syýasy çözgüt tapmak ugrundaky tagallasyny goldaýarys” diýdi.

Rus mediasy resmi Moskwanyň Siriýadaky içerki urşa goşulyşmaga başlan senesi bolan 2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri iň uly harby hämi flotuny Ortaýer deňzine ugradandygyny habar beripdi.


Etiketkalar: #NATO , #Russiýa , #Siriýa

Degişli Habarlar