Karlo Maria Wigano Papa Fransiski wezipeden çekilmäge çagyrdy

Wigano 11 sahypalyk hatynda Papanyň wezipeden çekilmegini isledi

1038571
Karlo Maria Wigano Papa Fransiski wezipeden çekilmäge çagyrdy

Watikanyň ABŞ-daky ozalky ilçisi baş ýepiskop Karla Maria Wigano katolikleriň ruhany lideri Papa Fransiskiň buthanadaky çagalaryň jynsy taýdan peýdalanylmagyna göz ýumandygy sebäpli wezipeden çekilmäge çagyrdy

Wigano merkezi ABŞ-da ýerleşýän “National Katolik Register” gazetinde çap eden 11 sahypalyk hatynda Papanyň wezipeden çekilmegini isledi.

Papanyň çagalaryň jynsy taýdan peýdalanylmagy baradaky aýyplamalar sebäpli geçen aý wezipeden çekilen Kardinal Teodor MkKarrik baradaky jedelleri 2013-nji ýyldan bäri bilýändigine garamazdan çäre görmändigini gürrüň berýän Wigano Papa habarlar barada gönüden göni özüne maglumat berendigini nygtady.

Wigano: “Papa Fransisk 2013-nji ýylyň 23-nji aprelinden bäri MkKarrikiň çagalardan jynsy taýdan peýdalanmagynyň üstüni ýapan kardinallara we ýepiskoplara görelde bolmak üçin wezipeden çekilmeli ilkinji adam” diýdi.

Katolik buthanasynyň çäginde geýler torunyň bardygyny öňe süren Wigano; “Köp sanly ýepiskoplykda, dini tarykatda giňden ýaýran geýler tory gizlinlik bilen we ahtapotyň güýji bilen hereket edýär, bigünä gurbanlaryny, hatda bütin buthanany bogýar” diýdi.



Degişli Habarlar