ABŞ, Eýran babatynda Britaniýa basyş edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Eýrana garşy sanksiýalar babatynda bu gezek bolsa Britaniýa basyş edýär

1031903
ABŞ, Eýran babatynda Britaniýa basyş edýär

Britaniýanyň hökümetini Brýusseli ýa-da Waşingtony saýlamaga mejbur edýän ABŞ sanksiýalaryna goldaw bermän halatynda, iňlis kärhanalar taýdan agyr netijeleriň boljakdygy barada duýduryş berdi.

ABŞ-niň Londondaky ilçisi Wudi Jonson Britaniýada çap edilýän The Telegraph gazedinde makala ýazdy.

Iňlis kärhanalaryna açyk ýagdaýa hemle atan Jonson: “Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny golbal bähbitleriň öňüne goýanlar, ABŞ bilen söwda ugrunda uly kynçylyklar başdan geçirer. Britaniýadan diplomatik güýjüni we artyklygyny ulanmagyny, Eýran bilen täze, giňişleýin bir ylalaşyk baglaşmak üçin global tagallalaryň başyna geçmegine garaşýarys” diýdi.

ABŞ-niň ilçisi Eýrana garşy basyşyny artdyrandyklaryny, Britaniýany hem ýanynda görmek isleýändiklerini habar berdi.

Ýewropa Bileleşigi, Eýran bilen iş salyşýan Ýewropa kärhanalaryny gorag astyna alypdy.

Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa geçen hepde umumy jarnama kabul edip, ýadro ylalaşygynyň dowam edýändigini habar beripdiler we Waşingtonyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň ýaňandandan başlatmagyny tankyt edipdiler.


Etiketkalar: #ABŞ , #Britaniýa , #Eýran , #basyş

Degişli Habarlar