Taliban Owganystanda harby merkeze hüjüm gurady

Taliban Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Farýab welaýatynyň Gormaç etrabynda harby merkeze hüjüm gurady

1031690
Taliban Owganystanda harby merkeze hüjüm gurady

Ýaragly güýçleriň metbugat sekretary Hanif Rezai, başbozarlaryň harby merkeze agyr ýaraglar bilen guran hüjüminden soň gözegçiligi üpjün edendiklerini aýtdy.

Harby merkezde 70 esgeriň bardygyny aýdan Rezai, hüjümde 20-den gowrak esgeriň ýogalandygyny we ýaralanandygyny, beýleki esgerleriň bolsa ýesir alynandygyny belledi.

Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa harby merkezde has köp esgeriň bardygy, hüjümde 43 esgeriň ýogalandygy 17 esgeriň ýaralanandygy, 57 esgeriň bolsa ýesir alynandygy öňe sürüldi.

Talibanyň düýn ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Tahar welaýatynyň Täjigistan serhedindäki Aý Hanym gümrük geçelgesine guran ýaragly hüjüminde bolsa 12 polis gullukçysy ýogalypdy

 


Etiketkalar: #Taliban , #hüjüm , #Owganystan

Degişli Habarlar