Owganystanyň Gazna şäherinde 3 gün ozal başlan çaknyşyklar dowam edýär

Owganystanyň Gazna şäherinde 3 gün ozal  howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasynda başlan çaknyşyklar dowam edýär

1031077
Owganystanyň Gazna şäherinde 3 gün ozal başlan çaknyşyklar dowam edýär

Owganystanyň Baş ştabynyň başlygy Şerif Ýeftali Gazna şäherinde hüjüm eden Talibanly terrorçylaryň yza serpikdirlendigini, şäherde käbir ýerlerde çaknyşyklaryň dowam edýändigini aýtdy.

Terrorçylaryň öýlerde gizlenendigi üçin operasiýanyň ünslilik bilen dowam edýändigini aýdan Ýeftali, gysga wagtda şäheri terrorçylardan saplajakdyklaryny belledi.

Talibanyň şäher merkeziniň esasy bölegine gözegçilik edýändigi we döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň bir bölegini oda berendigi nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanyň arasynda bolan çaknyşyklarda asuda ilatdan azyndan 30 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Şäherdäki hassahana tarapyndan berlen beýanatda ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň köplügi sebäpli hassahanada ýeriň bolmandygy nygtaldy.

Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahit bolsa, Gazna şäheriniň 70 göterimine gözegçilik edýändiklerini, onlarça gullukçyny öldürendiklerini öňe sürdi.

 


Etiketkalar: #Owganystan , #Gazna , #Taliban

Degişli Habarlar