Gresiýada ýaňadandan ýangyn howsalasy başdan geçirilýär

Egriboz ýarymadasynda çykan we şemalyň täsiri bilen giň meýdany gurşap alan tokaý ýangyny sebäpli iki oba boşadyldy

1030911
Gresiýada ýaňadandan ýangyn howsalasy başdan geçirilýär

Egribozuň Psahna welaýatynda günorta wagty başlan tokaý ýangyny gysga wagtda şemalyň täsiri bilen giň meýdany gurşap aldy.

Ikinji ýangyn pajygasynyň başdan geçirilmezligi üçin ýurduň çar tarapyndan Egriboza ýangyn söndürijiler ugradyldy.

Ýangyn howadan we gury ýerden söndürülýär.

Ýangyn sebäpli Psahna welaýatynyň Dirfion-Messapion etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Gresiýanyň Oba hojalyk we galkynyş ministri Wangelis Apostolu ýangyn sebäpli howpsyzlyk maksady iki obanyň boşadylandygyny aýtdy.

 


Etiketkalar: #Gresiýa , #ýangyn , #welaýat

Degişli Habarlar