Pakistan ABŞ-nyň abaý syýasatyna garamazdan Eýran bilen gatnaşyk etmäge dowam eder

Pakistan Eýran bilen söwda taýdan gatnaşyk etmäge dowam eder

1030094
Pakistan ABŞ-nyň abaý syýasatyna garamazdan Eýran bilen gatnaşyk etmäge dowam eder

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Muhammd Faýsal, ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýasyna we Eýran bilen gatnaşyk edýänlere sanksiýa goýjakdygy baradaky abaý syýasatyna garamazdan ýurdunyň Eýran bilen söwda taýdan gatnaşyk etmäge dowam etjekdigini aýtdy.

Faýsal Pakistanyň özygtyýarly ýurt hökmünde ykdysady we söwda taýdan gatnaşyk etjek ýurtlaryna özüniň karar berjekdigini belledi.

Faýsal, Pakistan bilen Eýranyň esasan Owganystandaky durnuksyzlygyň çözülmegi ýaly sebitara we halkara meselelerde birlikde işleşýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar