Guterreş Ýemende guralan hüjümi ýazgardy

Guterreş çagalary alyp barýan awtobusa guralan hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi

1029766
Guterreş Ýemende guralan hüjümi ýazgardy

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň Ýemeniň demirgazygynda ýerleşýän Sada welaýatynda guran çagalar bilen birlikde 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümini ýazgardy.

BMG-nyň Baş sekretarlynyň metbugat geňeşçisi tarapyndan berlen beýanata görä, Guterreş çagalary alyp barýan awtobusa guralan hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

Ýemendäki ähli taraplaryň halkara hukuga sarpa goýmalydygyny we jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidigini aýdan Guterreş, söweşiň bes edilmeginiň ýeke-täk ýolunyň syýasy çözgütden geçýändigini nygtady.

Guterreş dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin taraplara syýasy etapda jogapkärçilik almaklary çagyryşyny berdi.

Antoniu Guterreş wakanyň garaşsyz topar tarapyndan derňelmegi çagyryşyny berdi.

Sadanyň Dahýan şäherinde çagalary alyp barýan awtobusy nyşana alan hüjümde 50 adam ýogalypdy, 77 adam ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar