Owganystanda Taliban tarapyndan guralan hüjümde 40 esger ýogaldy

Owganystanda Taliban tarapyndan harby bazalaryň birine guralan hüjümde 40 esger ýogaldy

1026310
Owganystanda Taliban tarapyndan guralan hüjümde 40 esger ýogaldy

Uruzgan welaýatynyň Çinartu etrabynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Ahtar Muhammed terrorçylaryň harby baza 4 aýry tarapdan hüjüm guramagy netijesinde, 40 esgeriň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümde birnäçe esgeriň ýaralanandygyny aýdan Muhammed esgerleriň ençemesiniň bolsa ýitendigini mälim etdi.

Muhammed hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda terrorçylaryň hem ýitgi çekendigini beýan etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümiň netijesinde bazanyň ele salynandygy öňe sürüldi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Taliban , #hüjüm , #baza

Degişli Habarlar