Şwesiýada şalyga degişli iki täç bilen nyşan ogurlandy

Şwesiýanyň 17-nji asyrdaky Şasy Karl 9-njy bilen şa aýal Kristina degişli gymmat bahaly  iki täç bilen şalyga degişli nyşan ogurlandy

1024058
Şwesiýada şalyga degişli iki täç bilen nyşan ogurlandy

Mesele hakynda berlen beýanatda, paýtagt Stokgolmdan 100 kilometr alysda kölüň kenarynda ýerleşýän Strangas buthanasynda goralyp saklanýan Şwed Şasy Karl 9-njy bilen şa aýal Kristina degişli gymmat bahaly  iki täç bilen şalyga degişli nyşanyň ogurlanandygy nygtaldy.

Buthana açyk mahaly ogurlanan gymmat bahaly goşlaryň 1611-nji ýyla degişlidigi bellenildi.

Ogrularyň tussag edilmegi üçin howadan we gury ýerde operasiýa geçirilýär.

 

 


Etiketkalar: #Şwesiýa , #täç , #buthana

Degişli Habarlar