Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dartgynlygy möwjeýär

ABŞ Hytaýda öndürilýän harytlardan alynýan 10 göterimlik salgydy 25 göterime çenli ýokarlandyrdy

1024457
Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dartgynlygy möwjeýär

ABŞ-nyň Söwda wekili Robert Ligýhaýzer Prezident Donald Trampyň Hytaýa jogap hökmnünde gymmaty 200 milliard dollara barabar bolan harytlara goýuljak 10 göterimlik tarifi 25 göterime çenli ýokarlandyrmak barada görkezme berendigini beýan etdi.

ABŞ-nyň Söwda wekilhanasynyň (USTR) Trampyň 18-nji iýunda beren görkezmesine laýyklykda taýarlan Hytaýda öndürilýän 5 müň harydyň girizilen sanawynda deňiz önümlerinden sport elligine, tebigy we himili minerallardan gök we miwe önümlerine, temmäki önümlerinden awtoulag tekerine çenli köp görnüşli haryt bar.

Amerikan hökümetiniň bu başlangyjy çykgynsyzlaşan gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy üçin resmi Pekine edilýän basyşy güýçlendirmek üçin edendigi nygtalýar.

Beýleki tarapdan USTR tarifiň ýokarlandyrylmagy sebäpli jemgyýetçilige berilen analiz möhletiniň 30-njy awgustdan 5-nji sentýabra çenli uzaldylandygyny habar berdi.

Şol möhletde Amerikan firmalary tarifleriň işlerine nähili täsir ýetirjekdigini USTR-ä habar berip bilýär. Firmalaryň beýan eden garaýyşlary ýerlikli kabul edilen halatynda USTR yglan eden sanawyna üýtgetme girizýär.

ABŞ bilen Hytaýyň arasynda söwda söweşiniň başlangyjy hökmünde görülýän wakalar Amerikan hökümetiniň 23-nji martda import edilýäň polada we alýumine nobaty bilen 25 we 10 göterim goşmaça gümrük salgydyny goýmagy bilen başlapdy.

Hytaý resmi Waşingtonyň polat we alýumin önümlerine goýan goşmaça gümrük salgydyna jogap hökmünde aprel aýynyň başynda ABŞ-da öndürilýän 128 haryda 15-25 göterim aralygynda üýtgeýän tarifler goýdy.

Amerikan hökümeti şeýle-de Hytaýyň Amerikan firmalarynyň tehnologiýalaryny we intellektual eýeçiliklerini ele geçirmäge synanşyklary sebäpli 50 milliard dollara barabar müňden gowrak Hytaýda öndürilýän haryda iki tapgyrly görnüşde 25 göterim goşmaça gümrük salgydyny goýjakdygyny beýan etdi.

Resmi Pekiniň ABŞ-nyň diňe Hytaýa garşy eden şol göçüme garşylygy gijä galmady. Hytaýyň Söwda ministrligi şol karara jogap hökmünde ABŞ-dan eksport edilýän 50 milliard dollar gymmaty bolan 659 görnüşli önüme 25 göterim gümrük salgydynyň goýuljakdygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donal Tramp 18-nji iýunda Hytaýyň ozal yglan eden tariflerine jogap hökmünde garşylyk görkezen halatynda 200 milliard dollar gymmatyndaky harytlara-da 10 göterim gümrük salgydynyň goýulmagy barada görkezme berdi.

6-njy iýulda bolsa Amerikan hökümeti Hytaýdan import edýän 34 milliard dollar gymmaty bolan 800-den gowrak önüme 25 göterim goşmaça gümrük salgydyny goýmaga başlady.

ABŞ-nyň eden hemaýat ediji söwda dolanşygy baradaky balangyçlaryna deň derejeli garşylyk görkezen resmi Pekiniň ozal 10 göterim hökmünde beýan edilen goşmaça salgyt mukdarynyň 25 göterime çenli ýokarlandyrylmagyna nähili garşylyk görkezjekdigi gyzykly bolmagynda galýar.



Degişli Habarlar