Indoneziýada ýer titremesi sebäpli dagda kyn ýagdaýda galan adamlar halas edildi

Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan ýer titremesi sebäpli dagda kyn ýagdaýda galan 500 alpinist halas edildi

1023101
Indoneziýada ýer titremesi sebäpli dagda kyn ýagdaýda galan adamlar halas edildi

Ýurdyň resmileri güýç merkezi Lombok adasynyň Mataram şäheriniň 50 km demirgazygynda bolan ýer titremede sebitde ýerleşýän Rinjani wulkanyna çykmaga synanyşan we tebigy apat sebäpli dagda kyn ýagdaýda galan 500 alpinistiň halas edilendigini habar berdi.  

Ýurdyň ýolbaşçylary dagda galan adamlary halas etmek üçin sebite gözleg we halas ediji toparlar bilen harby güýçleri gönükdiripdi.

Indoneziýanyň syýahatçylyk merkezi bolan Bali adasynyň 40 km gündogarynda ýerleşýän adada iki gün ozal bolan ýer titremede 16 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar