“ABŞ bilen Ýewropanyň arasynda bölünme bar we ondan peýdalanylmaly”

Eýranyň daşary işler ministri Jewad Zarif ABŞ bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda bölünme bardygyny we ondan peýdalanylmaldygyny belledi

1021695
“ABŞ bilen Ýewropanyň arasynda bölünme bar we ondan peýdalanylmaly”

Ýurdyň paýtagty Tähranda ilçileriň we hususy pudagyň wekilleriniň bir ýer jemlenen maslahatda söz sözlän Zarif: “Embargo höwesi bolan ABŞ-niň onuň hiç kime peýda getirmejekdigine düşüner” diýdi.

Jewad Zarif: “ABŞ bilen Ýewropanyň arasynda bir bölünme emele getirip bileris ýaly bir düşünjä eýe däldirin, emma bir bölünme bar we ondan peýdalanyp bileris” diýip nygtady.

ABŞ-niň halkara arenada barha ýalňyzlaşýandygyny bellän Zarif ýurdyna garşy embargo goýmak islemeginiň BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň 2231 belgeli kararyna ters gelýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar