Fransiýa ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk edendigini boýun aldy

Fransiýa terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ozal hem birnäçe gezek boýun alypdy

1019076
Fransiýa ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk edendigini boýun aldy

 

ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmeginde terror guramasy DAIŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaşlygyň harby we jemgyýetçilik işlerinden jogapkär utgaşdyryjysy fransuz general Frederik Parisot ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ä agza terrorçylara tälim berendiklerini aýtdy.

Fransuz general Parisot ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonda geçirlen maslahatda wideo konferensiýa arkaly Siriýada we Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilýän operasiýalar barada maglumat berdi.

Parisot Siriýada terror guramasy DAIŞ-iň elindäki ýerleriň yzyna alynmagynyň guramanyň sebitden çykarylmagy manysyny aňlatmaýandygyny nygtady.

Parisot “DAIŞ-iň harby taýdan güýçlenmeginiň öňüni almalydyrys. Şonuň üçin hem bir tarapdan Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tälim berýäris. Olar diýseň başarjaň. Beýleki tarapdan hem terror guramasy ÝPG/PKK-a we howpsyzlyk güýçlerine tälim berýäris” diýdi.

Parisot goldaw berýän terror guramalarynyn DAIŞ-e garşy göreşden soň hem sebitde galjakdygyny belledi.

Fransiýa terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ozal hem birnäçe gezek boýun alypdy.

 

 

 

 

.

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Fransiýa , #fransuz , #DAIŞ , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar