Eýranda ýer titremeleri dowam edýär

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Kirman şäheriniň Sireç etrabynda düýn gije bolan 5,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 91 adam ýaralandy

1017785
Eýranda ýer titremeleri dowam edýär

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugyna beýanat beren şäheriň Saglygy goraýyş merkeziniň başlygy Muhammed Sabiri “Düýn ýary gije bolan ýer titremesinde 91 adam ýaralandy” diýdi.

Ýerli wagt bilen sagat 01.09-da Kirman şäheriniň 60 kilometr gündogarynda ýerleşýän Sireç etrabynda ýeriň 10 kilometr aşagynda ýer titremesi bolupdy.

Beýleki tarapdan ýurduň günbatarynda ýerleşýän Kirmanşah welaýatynyň Täze Abad etrabynda düýn günorta wagty bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýaralananlaryň sanynyň 248 adama ýetendigi nygtaldy.

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #IRNA

Degişli Habarlar