ABŞ-niň Döwlet sekretary, Russiýanyň daşary işler ministri bilen söhbetdeş boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1017381
ABŞ-niň Döwlet sekretary, Russiýanyň daşary işler ministri bilen söhbetdeş boldy

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Hizer Noýert, Maýk Pompeo bilen Sergeý Lawrowyň geçiren telefon söhbetdeşliginde başda Siriýanyň günortasyndaky wakalar we terrora garşy göreş babatynda iki ýurdyň arasyndaky koordinasiýa bolmak bilen birlikde birnäçe meseläni ele alandyklaryny habar berdi.

Noýert beren ýazmaça beýanatynda Pompeo we Lawrowyň ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamy häsýetinde bir telefon söhbetdeşliginiň bolandygyny mälim edildi.

Hizer Noýert: “Telefon söhbetdeşliginde ara alynyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda Russiýanyň Siriýanyň günorta-günbatary babatynda beren sözünde durmandygynyň hem üstünde durulyp geçildi. Iki resmi şol bir wagtda terrora garşy göreş etabynda koordinasiýa pikirleriniň durmuşa geçirilmegi we iki ýurtda bar bolan hususy we hökümetler tarapyndan gözegçilik edilmeýän guramalaryň arasynda iş dialogynyň ýola goýulmagy babatynda umumy maksatlary ele aldylar” diýdi.



Degişli Habarlar