Eýranyň paýtagty Tähranda 20 gatly bina ýandy

Eýranyň paýtagty Tährandaky 20 gatly Parmis işewürler merkezinde ýüze çykan ýangynda 24 adam ýaralandy

1017097
Eýranyň paýtagty Tähranda 20 gatly bina ýandy

Tähranyň Ýangyn söndürijiler guramasynyň metbugat sekretary Jelal Meleki Tähranyň demirgazyk-günbataryndaky Rahy Ahen etrapçasynda ýerleşýän Parmis işewürler merkezinde ýangynyň ýüze çykandygyny habar berdi. 

Eýranyň döwlet telewideniýesine beýanat beren Meleki ýangynyň binanyň 6-njy gatynda başlandygyny we binanyň iň ýokarky gatlaryna çenli ýetendigini mälim etdi. 

Meleki Eýranly talyplar habarlar agentligi ISNA beren beýanatynda tüsseden zäherlenen we ýaralanan 24 adamyň bejergileriniň wakanyň bolan ýeriniň golaýynda edilendigini nygtady. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Tähran , #ýangyn

Degişli Habarlar