Trampyň Ak Tamdaky metbugat ýygnagynda elektrik toklar kesildi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamda geçiren metbugat işgärleriniň ýygnagynda elektrik toklar kesildi

1014696
Trampyň Ak Tamdaky metbugat ýygnagynda elektrik toklar kesildi

15-nji iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Russiýanyň lideri Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygyndan soň ABŞ-e gaýdyp gelen Prezident Donald Tramp, Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda gysga wagtlyk elektrik toklar kesildi.

Trampyň möhüm beýanat berjekdigini aýtmagyndan soň, Ak Tamdaky elektrik toklar kesildi.

Elktrik toklaryň kesilen mahaly Trampyň: “Razwedka gulluklaryna doly ynanýaryn” sözlerini aýdan mahalyna deň gelmegi ünsleri özüne çekdi.

Tramp, Putin bilen geçiren duşuşygyndan soň, ABŞ-niň Razwedka gullugyny dolulygyna goldaýandygyny belleýärdi we Russiýanyň 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlaryň netijesine täsir ýetirendigi baradaky meseläniň üstünde durýardy.

Donald Tramp: “Elektrik toklar kesildi. Bu razwedka gullugynyň işi bolmaly” diýip nägilelik bildirdi.

Elektrik toklaryň birnäçe wagt soň gelmegi bilen her kimiň ýagdaýyny soran Tramp: “Bu geňdi, emma mesele däl” diýip belledi.

Donald Tramp Helsinki duşuşygynda Russiýanyň 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlaryň netijesine täsir ýetirendigi baradaky öňe sürmelere ynanmaýandygyny belläpdi, emma Ak Tamdaky beýanatynda razwedka gullyklarynyň Russiýanyň ABŞ-däki saýlawlaryň netijesine täsir ýetirendigi baradaky habarnamasyny kabul edendigini nygtapdy.



Degişli Habarlar