Donald Tramp, Wladimir Putin bilen duşuşdy

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Finlandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde duşuşdylar

1013555
Donald Tramp, Wladimir Putin bilen duşuşdy

Prezidentiň köşgünde duşuşyk geçirýän iki lider Moskwa-Waşington getnaşyklaryny Söwuk söweşiniň bosagasyna elten meseleleri, ilkinji gezek giňişleýin ara alyp maslahatlaşýarlar. 

Iki lider ikiçäk duşuşykdan ozal kameralaryň öňüne geçdiler. 

Tramp duşuşyk bilen baglanşykly: "Gowy zatlar bolar, erbet zatlar däl" diýip belledi. 

Taryhy duşuşygyň gün tertibinde bolsa ençeme mesele bar. 

Iki ýurdyň arasyndaky dartgynlaşan gatnaşyklar, ykdysady embargolar, Siriýa meselesi, ABŞ-de geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesine Russiýa täsir ýetirendigi baradaky öňe sürmeler bilen birlikde ençeme mesele orta atylar. 

Trampyň 2016-njy ýylda wezipä saýlanmagyndan soň, Putin bilen geçirmek islän duşuşygy her gezeginde krizisler sebäpli yza süýşürilýärdi. 

 



Degişli Habarlar