“Gruziýa NATO agza bolar”

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg territorial bütewiligin goldaýan ýurtlary bolan Gruziýanyň NATO agza boljakdygyny habar berdi

1011108
“Gruziýa NATO agza bolar”

29 ýurdyň gatnaşmagynda geçirilen NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty eýýäm 2-nji gün dowam edýär.

Ikiçäk duşuşyklar geçirilýän maslahatda NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili bilen duşuşyk geçirdi.

Ýens Stoltenberg, Giorgi Margwelaşwili bilen duşuşykdan soň geçiren metbugat ýygnagynda Gruziýanyň günleriň birinde dünýäniň iň uly howpsyzlyk alýansyna agza boljakdygyny habar berdi.

NATO-nyň Gruziýanyň Owganystandaky missiýasyna edýän kömekleri sebäpli minnetdardygyny aýdan Stoltenberg NATO agza ýurtlaryň ählisiniň Gruziýany agzalyga almak üçin işleşmäge dowam etjekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar