Kanadadaky aşa yssy howa sebäpli ýogalan adamlaryň sany 54-e ýetdi

Kanadanyň Kwebek ştatynda 29-njy iýundan bäri täsirli bolan aşa yssy howa sebäpli ýogalan adamlaryň sany 54-e ýetdi

1008164
Kanadadaky aşa yssy howa sebäpli ýogalan adamlaryň sany 54-e ýetdi

Montreal şäheriniň Halk Saglygy goraýyş edarasynyň müdüri Dr. Milene Drouin diňe Montreal şäherinde aşa yssy howa sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň 33-e ýetendigini belläp, galan 21 adamyň bolsa golaýdaky şäherlerde ýogalandygyny habar berdi.

Drouin ýogalanlaryň 60 göteriminiň ýalňyz ýaşaýan garry adamlardan ybaratdygyny, bu adamlaryň öýünde sowadyjylaryň ýa-da kondisionerleriň bolmandygyny beýan etdi.

Kwebek ştatynyň Saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berilen beýanatda esasan hem garry adamlaryň we hroniki keselli adamlaryň, binalaryň içindäki yssy howadan täsir alýandygy nygtaldy.


Etiketkalar: #Kanada , #Kwebek , #ştat , #yssy , #howa

Degişli Habarlar