Tramp Daşky gurşawy gorag gullugynyň başlygynyň arzasyny kabul etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp soňky günlerde galplyk edendigi öňe sürülen Daşky gurşawy gorag gullugynyň başlygy Skott Oruittiň arzasyny kabul etdi

1006766
Tramp Daşky gurşawy gorag gullugynyň başlygynyň arzasyny kabul etdi

Donald Tramp Pruittiň iş başyndan çekilýändigi baradaky arzasyny kabul edendigini Twitter arkaly habar berdi.

Pruittiň işlän möhletinde “adatdan daşary” başarjaňlyk görkezendigini nygtan Tramp; “Daşky gurşawy gorag gullugynyň başlygy Skott Oruittiň arzasyny kabul etdim” diýip ýazdy.

Tramp Pruittiň ýerine Daşky gurşawy gorag gullugynyň başlygynyň wezipesini orunbasary Andrew Whileriň ýerine ýetirjekdigini mälim etdi.

Amerikan metbugaty soňky 3 aýyň dowamynda Daşky gurşawy gorag gullugynda galplyk edilendigi barada habarlar çap edipdi we Trampa ýakynlygy bilen bilinýän “Fox TW” ýaýlymy Pruittiň wezipeden boşadylmagyny isläpdi.



Degişli Habarlar