Donald Tramp Angela Merkeli tankyt etdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli tankyt etdi

1007240
Donald Tramp Angela Merkeli tankyt etdi

Tramp ýurdyň Montana ştatynda eden çykyşynda Germaniýanyň hem Russiýadan goranmak isleýändigini hem-de bu ýurtdan milliardlarça dollarlyk nebit we tebigy gaz alýandygyna ünsleri çekip, Demirgazyk Akym 2 taslamasyny göz öňünde tutup: "Gidip Russiýa bilen tebigy gaz we nebit bilen bagly ylalaşyk baglaşýarlar, Russiýa milliardlarça dollar töleýärler. Russiýa garşy özlerini goramak isleýärler" diýip belledi. 

NATO agza beýleki ýurtlaryň alýansyň býujetine has köp goşant goşmalydygyny nygtan Tramp Germaniýany jemi içerki önümiň diňe 1 göterimini NATO-nyň býujetine bölüp aýyrýandygyny habar berdi. 

Tramp: "NATO gidip diýerin: mundan beýläk tölemegiň wagty geldi. Ähli zada ABŞ gözegçilik edip bilmez" diýip beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar