Yrakda DAİŞ-e garşy giň gerimli operasiýa başladyldy

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi 2017-nji ýylyň dekabrynda DAIŞ-iň Yrakdan dolulygyna saplanandygyny beýan edipdi

1006241
Yrakda DAİŞ-e garşy giň gerimli operasiýa başladyldy

Yragyň Federtiw polis güýjüniň resmisi polkownik Etir Muhammed Kerkuk-Diýala ýolunda we golaýynda DAIŞ-e garşy operasiýa başladylandygyny beýan etdi

Muhammed; “Terror guramasy DAIŞ-iň galyndylarynyň Kerkuk-Diýala ýolunda wagtal-wagtal guraýan hüjümleriniň öňüni almak maksady bilen sebitde giň gerimli operasiýa başladyldy” diýdi.

Kerkuk we Diýala şäherlerinden howpsyzlyk güýçleriniň gatnaşmagyndaky operasiýa Yragyň harby howa güýçleriniň goldaw berýändigini aýdan Muhammed, DAIŞ-iň iýun aýynyň ahyrlarynda ady agzalýan sebitde zamun alan 8 sany howpsuzlyk gullukçysyny öldürmeginden soň operasiýanyň mejbury bolandygyny beýan etdi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi 2017-nji ýylyň dekabrynda DAIŞ-iň Yrakdan dolulygyna saplanandygyny beýan edipdi.

Emma Mosulyň günbataryndaky sähralykda, Kerkuk, Diýala, Salahaddin we Anbar welaýatlarynyň daglyk etraplarynda harby güýjüni gorap saklaýan DAIŞ wagtal-wagtal howpsyzlyk güýçlerine hüjüm guraýar.



Degişli Habarlar