Gwineýa Respublikasynda uçar heläkçiligi boldy

Hadysada 4 adam ýogaldy

999178
Gwineýa Respublikasynda uçar heläkçiligi boldy

Gwineýa Respublikasynyň Sougueta şäherinde bir kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy.

Koaji internet saýtynyň berýän habaryna görä bir magdan käni kärhanasy tarapyndan kireýine alynan kiçi uçar Sougueta şäherinde ýere gaçdy.

Uçar heläkçiliginde 3-si daşary ýurtly bolan jemi 4 adam ýogaldy.

Ýurdyň Goranmak ministrligi waka bilen baglanşykly derňew işiniň geçiriljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar