Britaniýanyň ÝB-den çykmak bilen bagly kanun taslamasy tassyklandy

Britaniýanyň Awam kamarasy Britaniýanyň Ýewropa bileleşiginden çykmagy bilen bagly Breksit kanun taslamasyny tassyklady

996723
Britaniýanyň ÝB-den çykmak bilen bagly kanun taslamasy tassyklandy

Britaniýanyň parlamendiniň kiçi ganady Awam kamarasy ÝB meselesini Britaniýanyň içerki hukuk ýagdaýyna getirjek Breksit kanun taslamasyny tassyklady.

Awam kamarasy kanun taslamasyny 303 sese garşy 319 ses bilen tassyklady.

Ýurdyň Premýer ministri Tereza Meý mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda: “Bu ädim halkyň goldan Breksit etabynyň hiç hili meselesiz we dowamly bir ýagdaýda durmuşa geçirilmeginde tankydy bir ädimdir” diýdi.

Britaniýa 2016-njy ýylyň 23-nji iýunynda geçirilen referendumda ÝB-den çykmak barada karar kabul edipdi we geçen ýylyň mart aýynda Breksit etabyny resmi ýagdaýda başaldypdy.



Degişli Habarlar