Ýemeniň ýaragly güýçleri halkara Hudeýde howa menziline girdi

Harby çeşmeleriň berýän habaryna görä, howa menziliniň golaýynda güýçli çaknyşyklar bolýar

995134
Ýemeniň ýaragly güýçleri halkara Hudeýde howa menziline girdi

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri tarapyndan goldanýan Ýemeniň ýaragly güýçleri halkara Hudeýde howa menziline girdi.

Harby çeşmeleriň berýän habaryna görä, howa menziliniň golaýynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

Husiler Ýemeniň ýaragly güýçleriniň operasiýasyndan soň howa menziline tanklar we toplar bilen hüjüm edýär.

Saud Arabystany tarapyndan goldanýan Ýemeniň ýaragly güýçleri çarşenbe güni hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermeginde Hudeýde şäherini we portuny, 2014-nji ýyldan bäri gözegçiligi elinde tutýan Husilerden yzyna almak üçin harby operasiýa başladypdy.

 



Degişli Habarlar