Wenesuelada gije klublarynyň birinde 17 adam ýogaldy

Wenesuelanyň paýtagty Karakasdaky gije klublarynyň birinde ýüze çykan gawgadan soň, bolan dyknyşykda 17 adam ýogaldy

993769
Wenesuelada gije klublarynyň birinde 17 adam ýogaldy

Ýurdyň Içeri işler ministri Nestor Rewerol şäheriň El Paraiso etrapçasyndaky gije klubynda gutardyşlaryny belläp geçýän ýaşlaryň arasynda bolan gowgada, taraplardan biriniň klubyň içine gözüňi ýaşardýan bombany zyňmagyndan soň ýüze çykan dyknyşykda 17 adamyň ýogalandygyny, onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Wakanyň bolan wagty takmynan 500 adam bolan klubdaky dyknyşykda ýogalan adamlaryň 8-siniň 18 ýaşyndan kiçidigi beýan edildi.

Gowganyň näme sebäpli ýüze çykandygy barada entek anyk maglumatlarynyň bolmandygyny aýdan Rewerol hadysa bilen baglanşykly gije klubynyň başlygy we gözüňi ýaşardýan gazy zyňan adam bilen birlikde 7 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar