Kolumbiýada Prezident saýlawy geçirilýär

Kolumbiýalylar ýurtlaryny 2022-nji ýyla çenli dolandyrjak Prezidentleriniň kesgitlenjek saýlawyň 2-nji tapgyry üçin ses berýärler

993722
Kolumbiýada Prezident saýlawy geçirilýär
kolombiya seçim.jpg

Ilkinji tapgyry 27-nji maýda geçirilen we sagjy Iwan Dukue bilen çepçi Gustawo Petronyň sesleriň köplügi boýunça beýleki dalaşgärleri geçen saýlawyň 2-nji we soňky tapgyry üçin ýerli wagt bilen sagat 08:00-da başlan ses bermek işleri sagat 16:00-da tamamlanar.

Takmynan 36 million 230 müň saýlawçynyň bolan Kolumbiýada 11 müňdn gowrak ýerde saýlaw uçastogy döredilip, 115 müňden gowrak polisiýa işgäri saýlawyň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin iş alyp barar.

Dukueniň 39,14 göterim bilen 1-nji, Petronyň 25,08 göterim bilen 2-nji tamamlan saýlawyň ilkinji tapgyrynda Sergio Fažardo sesleriň 23,73 göterimini, German Wargas Lleras 7,28 göterimini we Humberto de la Kalle 2,06 göterimini alypdy we saýlawyň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazanyp bilmändi.



Degişli Habarlar