Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda Obalyk ýerleriň galkynyşy ministrliginiň girelgesinde guralan kamikaze hüjüminde 12 adam ýogaldy

990317
Owganystanda kamikaze hüjümi guraldy

Howpsyzlyk gullugynyň resmileri kamikaze hüjümçisiniň üstündäki bombany ministrligiň girelgesinde işgärleriň çykýan mahaly partladandygyny habar berdiler.

Ýurdyň Saglygy goraýyş ministrligi hüjümde 12 adamyň ýogalandygyny, 31 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Şaýatlar bolsa hüjümde ýogalan adamlaryň aýdylýandan has köpdügini öňe sürdüler.

Hüjümiň haýsy gurama tarapyndan guralandygy entek mälim däl.



Degişli Habarlar