Donald Tramp-Kim Çen Yn duşuşygy üçin taýarlyklar dowam edýär

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilen taryhy duşuşyk üçin iki ýurdyň wekiliýetleri 5-nji gezek gepleşik geçirdiler

985386
Donald Tramp-Kim Çen Yn duşuşygy üçin taýarlyklar dowam edýär

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä ABŞ-niň Filippinlerdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sung  Kimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Demirgazyk Koreýadaky ýaragsyzlandyrylan sebitde ýerleşýän Phanmundžom obasynda Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Çoe Son-Huiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ýene-de bir gezek gepleşik geçirdi.

Wekiliýetler ozal 27-nji maý bilen geçen hepdäniň çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri şol ýerde gepleşikler geçiripdiler.

Gepleşiklerden soň hiç hili beýanat berilmedi, emma taraplaryň gepleşikleriň barşynda Demirgazyk Koreýany ýadro ýaraglardan dolulygyna nädip saplap boljakdygyny we 1950-1953-nji ýyllar aralygynda bolan Koreýa söweşiniň resmi ýagdaýda tamamlanmagynyň yglan edilmegi ýaly meseleler maslahatlaşandyklary çak edilýär.



Degişli Habarlar