Gazadaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gabaw astyndaky Gaza serhedinde 30-njy martdan bäri dowam edýän demonstrasiýalarda ysraýylly esgerler tarapyndan öldürilen palestinalylaryň sany 123-e ýetdi

984838
Gazadaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref El-Kudra geçiren metbugat ýygnagynda Beýik gaýdyp geliş ýörişi diýip atlandyrylan protestlerde häzirki wagta çenli 7 müň 451-i hakyky oklar bilen jemi 13 müň 672 palestinalynyň ýaralanandygyny belläp, hassahanalarda bejergisi dowam edýän ýaralananlaryň 350-siniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi. 

Ýaralananlaryň 2 müň 200-siniň çagadygyny, 140-synyň zenandygyny aýdan Kudra: "Diňe anna günlerinde lukmanlarymyz 2 müň 100 operasiýa geçirýär. Her sagatda ortaça 280 ýaraly adam getirilýär. Dünýädäki hiç bir saglygy goraýyş ulgam muňa çydam edip bilmez" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Gaza , #palestinaly , #ýaraly

Degişli Habarlar