“Tramp- Un duşuşygy üçin taýarlyklar dowam edýär”

Amerikaly wekiliýet Demirgazyk Koreýa gitdi

980242
“Tramp- Un duşuşygy üçin taýarlyklar dowam edýär”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdundan bir wekiliýetiň Demirgazyk Koreýaly wekiliýet bilen duşuşandygyny aýtdy.

Mesele barada Twitter arkaly beýanat beren Tramp, Kim Un bilen geçirjek duşuşygy barada pikir alyşmak üçin Amerikaly wekiliýetiň Demirgazyk Koreýa gidendigini nygtady.

Tramp “Demirgazyk Koreýa uly mümkinçilige eýe we geljekde ykdysady taýdan pajarlap ösjekdigine ynanýaryn. Kim Un hem bu mesele maňa goldaw berýär” diýdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Nauert mesele barada beren beýanatynda Amerikaly wekiliýetiň Demirgazyk Koreýada ýaragdan saplanan obada Demirgazyk Koreýaly wekiliýet bilen duşuşandygyny aýtdy.

Nauert “Tramp- Un duşuşygy üçin taýarlyklar dowam edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar