Hytaý ABŞ-e nägilelik bildirdi

Hytaý harby gämileriň Şişa adalarynyň ýerleşýän suw giňişligine girmegine reaksiýa bildirip, resmi Waşingtona öjükdiriji hereketlerini bes etmek barada çagyryş etdi

980183
Hytaý ABŞ-e nägilelik bildirdi

Hytaýyň Daşary işler we Goranmak ministrlikleri ABŞ-e degişli harby gämileriň Günorta Hytaý deňizindäki Şişa adalarynyň ýerleşýän suw giňişligine girmegine reaksiýa bildirip, resmi Waşingtona öjükdiriji hereketlerini bes etmek barada çagyryş etdiler.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Lu Kang beren ýazmaça beýanatynda ABŞ-niň harby flotynyň Higgins we Antietam esmines gämileriniň ady agzalan sebite rugsatsyz girendigini belläp, Hytaýyň ABŞ-niň bu hereketlerinden nägiledigini we tutanýerlilik bilen garşy bolýandygyny habar berdi.

Lu Kang resmi Waşingtona: “Hytaýyň howpsyzlygyna howp abandyrjak bular ýaly öjükdiriji hereketlerini bes etsin” diýdi.

Metbugat geňeşçi Lu resmi Pekiniň milli özbaşdaklygy we howpsyzlygy goramak üçin gerek bolan ädimleri etmegini dowam etdirjekdigini beýan etdi.  

Goranmak ministrliginden berilen beýanatda hem Hytaýyň harby gämileriniň ABŞ-e degişli harby gämilerini sebiti terk etmekleri babatynda duýduryş bermek üçin degişli suw giňişligine gönükdirilendigini habar berdi.

Şişa adalarynyň Hytaýyň ygtyýarlygy astyndadygy aýdylýan beýanatda ABŞ-niň Hytaýyň we halkara hukugyň düzgünlerini bozmagyna çürt-kesik garşy bolýandygy bellendi.



Degişli Habarlar