ABŞ-däki mekdepleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Hadysada 1 okuwçy ýaralandy

979778
ABŞ-däki mekdepleriň birinde ýaragly hüjüm guraldy

Amerikanyň Indiana ştatynda mekdep okuwçylarynyň biri öz synpynda ýaragly hüjüm gurady.

Ýurdyň resmileri Nobleswille West mekdebinde dersden çykan, ondan soň synpa 2 ýarag bilen gaýdyp gelen okuwçynyň beýleki okuwçylara od açandygyny habar berdiler.

Şahsyýeti beýan edilmedik hüjümçiniň örän tiz ýagdaýda göz tussaglygyna alynandygy, hüjümde 1 okuwçynyň ýaralanandygy we bejergi astyna alynandygy mälim edildi.

Okuwçylardan Ethan Stonebraker hüjümçiniň synag geçirilýän mahaly synpa girendigini, ylgap ýaragy elinden alan we ony ýere ýatyran 29 ýaşly mugallym Jason Seamanyň pajyganyň öňüni alandygyny belledi.

ABŞ-niň Prezident Donald Tramp uly heläkçiligiň öňüni alan mugallym barada özüniň Twitter hasabyndan: “Nobleswille West mekdebiniň gahryman mugallymynyň saýasynda köp sanda ýetginjek halas boldy” diýdi.



Degişli Habarlar