Tramp Meksika serhedine diwar gurulmagyny öz içine almaýan migrasiýa ylalaşygyna garşy

Tramp geçen aý ABŞ bilen Meksikanyň arasyndaky serhede diwar gurulýança ony Amerikan goşunynyň gorajakdygyny aýdypdy

978361
Tramp Meksika serhedine diwar gurulmagyny öz içine almaýan migrasiýa ylalaşygyna garşy

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp “Fox&Friends” ýaýlymyna Meksika serhedine “hakyky diwar gurulmagyny we güýçli serhet howpsyzlygyny” öz içine almaýan haýsydyr bir ylalaşygy tassyklamajakdygyny beýan etdi

Tramp geçen aý ABŞ bilen Meksikanyň arasyndaky serhede diwar gurulýança ony Amerikan goşunynyň gorajakdygyny aýdypdy.

ABŞ-da esasy bölegi Meksikalardan ybarat bolan 11,2 million bikanun migrantyň ýaşaýandygy mälim.

Tramp 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda iş başyna gelenden 5 gün soň “bikanun göçüň öňüni almak” we “serhet howpsyzlygyny berkitmek” üçin Meksika serhedine diwar çekilmegi baradaky permana gol çekipdi.

Diwaryň gurluşygynyň federal hökümet tarapyndan maliýeleşdiriljekdigini aýdan Tramp, onuň Meksikanyň hökümetinden alynjakdygyny beýan edipdi.

Meksikanyň Prezidenti Enrike Pena Nieto bolsa diwar üçin töleg tölemejekdiklerini beýan aýdypdy.


Etiketkalar: #Tramp , #Meksika , #diwar

Degişli Habarlar