Donald Tramp Demirgazyk Koreýa bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp 12-nji iýunda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen geçirmegi meýilleşdirilen duşuşygyň goý bolsun edilip-edilmejekdigi bilen bagly soraga: “Näme boljagyny göreris” diýdi

972952
Donald Tramp Demirgazyk Koreýa bilen bagly beýanat berdi

Tramp Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen Ak Tamda geçirjek duşuşygyndan ozal Owal ofisde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Tramp ABŞ bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky harby türgenleşigi delil görkezen Phenýanyň Seul bilen ýokary derejeli gepleşikleri goý bolsun etmegi we özi bilen 12-nji iýunda geçirmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň howp astyna girip biljekdigi baradaky duýduryşyň üstünde durup geçdi.

Demirgazyk Koreýa tarapyndan özlerine hiç hili beýanat berilmändigini aýdan Tramp: “Entek hiç zat görmedik, eşitmedik. Bize hiç hili beýanat berilmedi. Näme boljagyny göreris” diýip belledi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşyp-duşuşmajakdygy bilen bagly beýleki soraglara jogap bermekden saklanan Tramp: “Näme boljagyny göreris” diýip nygtady.

Demirgazyk Koreýa, ABŞ bilen Günorta Koreýa tarapyndan geçirilýän harby türgenleşige öjükdiriji hereket hökmünde häsýetlendiren resmi Seul bilen ýokary derejeli gepleşikleri goý bolsun etdi.

Demirgazyk Koreýa mundan başgada 12-nji iýunda Singapurda Kim bilen Trampyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň hem goý bolsun edilip bilinjekdigi barada duýduryş beripdi.



Degişli Habarlar