Afrika bileleşigi Komissiýasy palestinalylara garşy aşa güýç ulanan Ysraýyly ýazgardy

Afrika bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Musa Faki Muhammed düýn Gazada parahatçylykly maksatly ýöriş geçiren palestinalylara garşy aşa güýç ulanan Ysraýylyň ýaragly güýçlerini ýazgardy

971381
Afrika bileleşigi Komissiýasy palestinalylara garşy aşa güýç ulanan Ysraýyly ýazgardy

Muhammed mesele barada beren ýazmaça beýanatynda ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny İýerusalime göçürmeginden soň sebitde başdan geçirilýän wakalara çuňňur alada bildirýändigini nygtady.

“Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň 50-den gowrak palestinalynyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümlerini berk ýazgarýaryn” diýen Muhammed, ABŞ-nyň ilçihanasyny İýerusalime göçürmeginiň, sebitdäki dartgynlygyň has-da artmagyna we Ysraýyl-Palestina çaknyşygyna sebäp bolup biljekdigini nygtady.

 


Etiketkalar: #Afrika , #Ysraýyl , #palestinaly

Degişli Habarlar