Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlar Russiýada jemlenişdi

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlar Russiýanyň Soçi şäherinde jemlenişdiler

971155
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlar Russiýada jemlenişdi

Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň çäginde alynyp barylýan işleriň üstünde durup geçdi.

Wladimir Putin Moldawiýa Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginde synçy statusynyň berilmegi üçin agza ýurtlaryň arasynda bir konsensusa gelendiklerini belläp: “Beýleki ýurtlaryň hem Bileleşiga agza bolmak baradaky talaplaryny seljermäge taýardyrys” diýdi.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň esasy wezipesiniň päsgelçilikleriň ortadan aýrylmagy we döwrebap tehnologiýalaryň özgerdilmegidigini aýdan Putin: “Milli häsýetdäki ykdysady ylalaşyklarymyzy has oňuşykly ýagdaýa getirip, bileleşigiň içindäki bazarymyzyň täsirini artdyrmalydyrys. Emläkleriň, maýanyň we iş güýjüniň erkin ýagdaýda işlemeginiň öňüni açmak üçin galan päsgelçilikleriň ortadan aýrylmagy hökmany” diýdi.

Beýleki tarapdan Putin maslahata gatnaşan Ermenistanyň täze Premýer ministri Nikol Paşinýan, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Nazarbaýew bilen geçiren ikiçäk duşuşykda Russiýa bilen Gazagystyň arasynda barha güýçlenýän hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçen rus lider: “Geçen ikitaraplaýyn söwdamyz 30,5 göterim artdy. Russiýa Gazagystanyň iň uly söwda hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirýär” diýdi.



Degişli Habarlar