Palestinalylaryň protestleri dowam edýär

Gaza Sektorynda ABŞ-nyň Iýerusalim kararyna garşy köçelere çykan palestinalylardan 24 sanysy Ysraýyl esgerleri tarapyndan atylyp öldürildi, ýüzlerjesi bolsa ýaralandy

970468
Palestinalylaryň protestleri dowam edýär

ABŞ şu gün Türkiýe wagty bilen sagat 16:0da Iýerusalimde ilçihanasyny açar.

Palestinalylar açylyşdan ozal Gaza Sektorynda demonstrasiýa geçirmäge başlady.

Beýtulhalim we Ramallah ýaly şäherlerde-de dowam edýän hem-de müňlerçe adamyň gatnaşýan demonstrasiýalarynda Ysraýyl esgerleriniň od açmagy sebäpli 25 palestinaly şehit boldy, ýüzlerjesi ýaralandy.

Demonstrantlaryň üssüne uçarmansyz howa ulaglary bilen göz ýaşardyjy bomba taşlanýar.

Ysraýylyň polis gullugy ABŞ-nyň Iýerusalimdäki ilçihanasyny göçürjek binasynyň ýerleşýän köçesine we Gündogar Iýerusalimiň “Gadymy şäher” etrapçasyna goçmaça güýç ornaşdyrdy.

ABŞ-nyň Iýerusalimdäki İlçihanasy dünýäniň çar tarapynda protest ediler.

46 ýurtda ýüzlerçe müň adamyň protest ýörişerine gatnaşmagyna garaşylýar.

Beýleki tarapdan Arap Ligasy ABŞ-nyň Ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegi sebäpli çarşenbe güni nobatdan daşary maslahat geçirer.



Degişli Habarlar