Astana Siriýa temaly gepleşikleriň 9-njy tapgyryna ýer eýeçiligini eder

Siriýa temaly gepleşikleriň 9-njy tapgyry maý aýynyň 14-15-i aralygynda geçirler

967333
Astana Siriýa temaly gepleşikleriň 9-njy tapgyryna ýer eýeçiligini eder

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda hemaýatkär ýurtlar Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň wekiliýetleri bilen Siriýanyň hökümetiniň we oppozisionerleriň wekilleriniň gatnaşmagyndaky gepleşikleriň 9-njy tapygyrnyň maý aýynyň 14-15-i aralygynda Astanada geçiriljekdigi habar berildi.

Beýanatda gepleşiklere synçy ýurtlar hökmünde ABŞ-nyň we İýordaniýanyň çagyrlandygy bellenildi.

Gepleşiklerde çaknyşyksyz zolaklardaky soňky ýagdaý bilen ynamy güýçlendiriji çäreler meselesiniň seljeriljekdigi ýatladyldy.

Gazagystanyň paýtagty Astanada Siriýa temaly gepleşikleriň 8-nji tapygyry 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 21-22-si aralygynda geçirlipdi.

Gepleşiklerde zamun alynanlaryň boşadylmagy we mina saplaýyş işleri meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.

 

 


Etiketkalar: #Siriýa , #gepleşik , #tapgyr

Degişli Habarlar