Szinpin Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Si Szinpin Donald Tramp bilen özara söwda gatnaşyklary we Demirgazyk Koreýa meselesinde pikir alyşdy

967179
Szinpin Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Söhbetdeşlik barada Hytaýyň Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi

Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde özara söwda gatnaşyklary we Demirgazyk Koreýa meselesinde pikir alyşdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Szinpin söhbetdeşlikde Trampa iki ýurduň degişli wekiliýetleriniň Hytaý bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda düşnüşmezliklerini çözmek, iki tarap üçin hem bähbitli boljak ýoly tapmak ugrunda tagalla etmelidigini aýtdy.

Hytaýyň ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyňarasynda önümizdäki aýyň başyna çenli geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygy goldaýandyklaryny beýan eden Szinpin, resmi Waşington bilen Phenýanyň arasynda ynamyň berkidilmegine we taraplaryň meseleleri gepleşikler arkaly çözmegine garaşýandyklaryny, Hytaýyň Koreý ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin işjeň pozisiýa eýelemek isleýändigini beýan etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bolsa özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini nygtap, ykdysady we söwda ugurlaryny seljermek üçin resmi Pekin bilen işleşmek isleýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar