Tramp Eýran bilen bagly kararyny şu gün mälim eder

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşyk baradaky kararyny şu gün Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:00-da aýan eder

966070
Tramp Eýran bilen bagly kararyny şu gün mälim eder

Donald Tramp Twitter hasabyndan Eýran bilen 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşyk bilen bagly beýanat berdi.

Tramp: “Eýran bilen baglanşykly kararymy sagat 14:00-da Ak Tamda aýan ederin” diýdi.

Donald Tramp saýlaw kampaniýasyndan bäri ABŞ-niň taryhyndaky iň erbet ylalaşyklardan biri hökmünde häsýetlendirýän ýadro ylalaşygyndan çekilip biljekdigi barada yşarat berdi.

Donald Tramp ozal beren beýanatlarynda Eýran bilen P5+1 ýurtlaryň arasynda 2015-nji ýylda gazanylan ylalaşyk baradaky gutarnykly netijesini 12-nji maýda aýan etjekdigini belledi we ABŞ-niň ylalaşykdan çekilip Eýrana garşy täze sanksiýalar girizip biljekdigi barada ýüzlenmeler berdi.

Ylalaşyk P5+1 ýurtlar bilen Eýranyň 2015-nji ýylyň iýul aýynda baglaşylypdy.  



Degişli Habarlar