Hytaýyň Premýer ministri Indoneziýada saparda bolýar

Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo we Hytaýyň Premýer ministri Li Kyçiang iki ýurdyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

965476
Hytaýyň Premýer ministri Indoneziýada saparda bolýar

Widodo resmi sapar bilen Jakarta baran Hytaýyň Premýer ministri Li Kyçiangi Bogordaky Prezident köşgünde kabul etdi.

Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk, söwda we maýa goýum ýaly ugurlar bilen birlikde Demirgazyk Koreýa bilen bagly parahatçylyk etaby ýaly sebitleýin we halkara meseleler gün tertibe getirildi.

Widodo duşuşykdan ozal beren beýanatynda Hytaýyň esasan hem ykdysady, maýa goýum we söwda gatnaşyklary boýunça Indoneziýanyň strategik hyzmatdaşydygyny belledi.

Li bolsa Hytaýyň sebitleýin, ykdysady, infrastruktura we senagat galkynyşynda Indoneziýa we Günorta-gündogar Aziýa ýurtlary Bileleşigi ASEAN-a agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini nygtady.  

Geçen ýyldaky görkezijilere görä Hytaý 3,4 milliard dollarlyk maýa goýumy bilen Indoneziýa iň köp maýa goýan 3-nji ýurt boldy.

Iki ýurdyň arasyndaky söwda kuwwady geçen ýyl 2016-njy ýyla garanyňda 18 göterim artyp, 63,3 milliard dollara ýetdi.

Hytaýyň Premýer ministri Li Kyçiang saparynyň çäginde şu gün ýurdyň Wise-prezidenti Ýusuf Kalla bilen duşuşyk geçirer we Hytaý-ASEAN gatnaşyklarynyň 15-nji ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärä gatnaşar.



Degişli Habarlar