Owganystanyň Kandagar welaýatynyň Içeri işler müdüriniň janyna kast edilmäge synanyşyldy

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynyň Içeri işler müdüri general Abdul Razykyň öýüniň öňünde guralan kamikaze hüjüminde 2 polis ýogaldy

964826
Owganystanyň Kandagar welaýatynyň Içeri işler müdüriniň janyna kast edilmäge synanyşyldy

Kandagar welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Ziýa Durani 3 hüjümçiniň 1-iniň bomba ýerleşdiren motosiklini Razykyň welaýatyň Spin Buldak etrabyndaky öýüniň girelgesinde partladandygyny habar berdi.  

Partlamdan soň öýüň içine girmäge synanyşan 2 hüjümçiniň Polisiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Durani hüjümde 2 polis gullukçysynyň ýogalandygyny mälim etdi.

Durani hüjüm guralan mahaly Içeri işler müdüriniň öýünde bolmandygyny beýan etdi.

Ozal hem ençeme gezek janyna kast edilmäge synanyşylan Kandagar welaýatynyň Içeri işler müdüri general Abdul Razyk terrora guramalaryna garşy geçirilýän operasiýaryň aglabasyna hut özi gatnaşýar.



Degişli Habarlar