Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Terror guramasy Taliban bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat bermedi

961459
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň demirgazygyndaky Jüzjan welaýatynda bir mikroawtobusy duruzan terror guramasy Talibana agza terrorçylar Polisiýa gullugynyň 1 işgärini öldürdiler, 2-si polisiýa işgäri bolan jemi 13 adamy bolsa zamun aldylar.

Ham Ab etrabynyň Içeri işler müdüri Gulam Nabi Ferheng terrorçylaryň Jüzjan-Ham Ab ýolunda bukyda bolandygyny habar berdi.

Ferheng Jüzjandan Ham Ab etrabyna barýan ulagy Daşti Şor diýilen ýerde duruzan terrorçylaryň ýolagçylaryň arasyndaky 1 polisi öldürendigini, 2-si polis işgäri bolan jemi 13 adamy bolsa zamun alandygyny mälim etdi.

Terrorçylaryň zamun alan adamlaryny nirä äkidendikleri entek anyklanmady.

Terror guramasy Taliban bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat bermedi.



Degişli Habarlar