Nigeriýa ABŞ-den satyn alan uçarlaryny 2020-nji ýylda alar

Nigeriýa ABŞ-den satyn alan 12 sany harby uçaryny 2020-nji ýylda alar

957160
Nigeriýa ABŞ-den satyn alan uçarlaryny 2020-nji ýylda alar

Nigeriýanyň habarlar agentliginiň ABŞ-ly resmilere esaslanyp beren habarynda ABŞ-den satyn alynan 12 sany A-29 Süper Tucano kysymly uçaryň 2020-nji ýylda Nigeriba beriljekdigi mälim edildi. 

Nigeriýanyň uçarlar üçin 400 million dollar pul töländigi, ylalaşygyň çäginde uçarlardan daşary harby enjamlaryň we tälimiň beriljekdigi habar berildi. 

ABŞ-nyň Nigeriýadaky ilçisi Stuart Symington 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ABŞ-nyň uçar satuwyny tssyklaýan hatyny Nigeriýanyň resmilerine beripdi.

A-29 Süper Tucano uçarlaryny Afrikada Gana, Angola, Burkina-Faso we Mawritaniýa ýaly ýurtlar ulanýar. 

 


Etiketkalar: #Nigeriýa , #uçar , #ABŞ

Degişli Habarlar