Owganystanyň paýtagty Kabulda kamikaze hüjümi guraldy
Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan kamikze hüjüminde 31 adam ýogaldy
Kabul şäheriniň Kalei Nazyr etrapçasynda bir saýlaw uçastogy nyşana alynyp, hüjüm guraldy.
Kamikaze hüjümçisi saýlaw resminamalaryny almak üçin ýygnanan adamlaryň arasyna girip, üstündäki bombany partlatdy.
Hüjümde 31 adam ýogaldy, 50-den gowrak adam ýaralandy.
Ýogalan adamlaryň artmagyna alada bildirilýär.
Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.
Owganystanda 20-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen parlament saýlawlary üçin saýlawçylary bellige almak çäreleri geçen hepde başlapdy.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.