“Rus dili Eýranda ikinji dil bolarmy?”

Eýran, Russiýa pars we rus dilleriniň iki taraply ýagdaýda iki ýurtdaky mekdeplerde “ikinji dil” hökmünde öwredilmegini teklip etdi

956190
“Rus dili Eýranda ikinji dil bolarmy?”

 

Eýranyn resmi IRNA habarlar gullugyna görä, Russiýanyň paýtagty Moskwada saparda bolan Eýranyň Bilim ministri Muhammed Bethai, Dumanyň Ylym we bilim komitetiniň başlygy Nikonow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Nikonowa pars we rus dilleriniň iki taraply ýagdaýda iki ýurtdaky mekdeplerde ikinji dil hökmünde öwredilmegini teklip eden Bethai, Russiýanyň Bilim ministri bilen hem mesele barada pikir alyşandygyny belledi.

Bethai “Eýranyň hökümeti ikinji dil hökmünde iňlis diliniň däl eýsem beýleki dilleriň esasan rus diliniň ýurtda öwredilmegini maksat edinýär”diýdi.

Dumanyň Ylym we bilim komitetiniň başlygy Nikonow hem ýurdunyň teklibe oňyn garaýandygyny, käbir rus bilim merkezlerinde ikinji dil hökmünde öwredilýän hytaý bilen birlikde pars diliniň öwredilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Eýranyň Russiýa, pars we rus dilleriniň iki taraply ýagdaýda iki ýurtdaky mekdeplerde “ikinji dil” hökmünde öwredilmegini teklip etmegine, uzak ýyllardan bäri türk diliniň ikinji dil hökmünde öwredilmegini talap edýän Eýranly türkler garşylyk görkezdi.

 

 



Degişli Habarlar